KITAP–GYMMATLY BAÝLYK
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Kitap–gymmatly baýlyk» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitap‒ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy bolup, ýaş nesilleri Watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde kitabyň ähmiýetiniň bimöçberdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap hakyky hazyna we bilimiň açary hasaplanýandygy, adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň ruhy baýlygyna uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.