HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 31-nji orta mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýandygy hakynda täsirli çykyş etdiler. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini, ata-babalarymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup, dünýä dolýandygy barada kitapda eriş-argaç bolup geçýändigi hakynda beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmeniň kalbynyň parahatçylyga, saz-söhbede bolan garaýyşlaryny açyp görkezýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.