GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ KITAPLARY-ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ KITAPLARY-ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary-ýolumyza şamçyrag» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim paýhasyndan, jöwher zehininden dörän ajaýyp eser «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitap elimize gelip gowuşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başynyň aman, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ilhalar eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.