PAÝHAS ÇEŞMESI EDEP MEKDEBI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitap söýüji çagalaryň arasynda «Paýhas çeşmesi edep mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplarynyň her biri halkymyzyň söýgüsini gazanan we ýan kitabyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan birnäçe nakyllary, atalar sözleriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin beýan etdiler hem-de okyjylar bilen birnäçe nakyllardan sorag-jogaplar alşyldy.
Söhbetdeşligimiziň Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.