MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÄLEM GIŇIŞLIGINE DÖREDIJILIK NAZARY


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÄLEM GIŇIŞLIGINE DÖREDIJILIK NAZARY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Magtymguly Pyragynyň älem giňişligine döredijilik nazary» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar, çünki akyldaryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, nesihatdyr. Şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyryň edepliligi, agzybirligi, halallygy wagyz edýän goşgulary ynsan ruhuny baýlaşdyrýar.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda älem giňişligini öwrenendigi olar barada gyzyklanandygyny käbir goşgy setirlerinde hem görmek bolýandygy barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.