HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhybelentlik bilen garşy alyp, Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda dünýä ýüzüni parahatçylyk, asuda-abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.