PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK–BERKARARLYGYŇ GOŞA GANATY


PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK–BERKARARLYGYŇ GOŞA GANATY

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ýanwar aýynyň 28-ne «Parahatçylyk we ynanyşmak-berkararlygyň goşa ganaty» atly burç döredildi we muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýylyň adyna bagyşlan tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.

Bagtyýarlyk mekanyna öwrülen Berkarar döwletimiz Türkmenistan döwletleriň, sebitleriň, yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty öňe sürmek bilen, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessuryna hormat goýýan, belent ynsanperwer maksatly döwletler bilen halklaryň arasynda dostlukly, adalatly, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat ösüşleriň özboluşly ýolundan barýar. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, parahatçylyk döredijilikli işi amala aşyrýar. Şu ýyl Türkmenistan BMG-nyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025-2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. Şeýle-de 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde «2025-nji ýyly-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. BMG-nyň Baş Assambleýasynda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary bilen «Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy we «Merkezi Aziýada-ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. BMG-na agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr. Munuň özi biziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimiziň we hyzmatdaşlygymyzyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze 2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrmagy bolsa, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek ýyly bilen gabat gelmegi, dünýäde hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalanmagyna getirer. Bu şygar täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumyadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp öňe sürüldi.

«Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog parahatçylygyň kepili» ýaly ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki täze başlangyçlary türkmen halkynyň milli taryhy tejribesinden, şol sanda Magtymgulynyň ýaşaýyş filosofiýasyndan gözbaş alýar. Bu başlangyçlar we ýörelgeler, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şu günüň rahatlygyny, geljegiň aýdyňlygyny gazanmaga gönükdirilendir.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji ýylyň ady bilen baglanşykly «Parahatçylyk we ynanyşmak–berkararlygyň goşa ganaty» atly wagtlaýyn sergi burçymyz döredildi. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusy we Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülen BMG-iň Baş Assambleýasynda kabul edilen birnäçe kararnamalar, ýylyň hem-de BMG-iň nyşanlary, ýurdumyzyň «Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Konstitusiýa» binalar toplumlarynyň we «Ýüpek ýoly» ýadygärliginiň suratly diwarlyklary ýerleşdirildi. Serginiň many-mazmunyny artdyrmakda muzeý gymmatlyklary bolan owadan el halylarymyz, küýzegär zenan S.Muhammedowanyň ýasan owadan dekoratiw bezeg küýzeleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Dost doganlyk sazy-parahatçylyk sazy», «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany», «Türkmenistan abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy», «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaplary we beýleki ylmy maglumatlar ýerleşdirildi.

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda halkymyzy, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi Watan söýüjilik, Gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek, Watanymyzyň geçmişine, taryhyna, edebi mirasyna söýgi döretmek maksady bilen, muzeý işgärleri ýylyň dowamynda muzeýe gelýän raýatlarymyza bu sergi barada gyzykly gürrüňleri bermekde we dürli jemgyýetçilik guramalary bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikleri we tele-radiýo ýaýlymlarynda dürli gepleşikleri gurnamaklyk, medeni köpçülik çäreleriniň giň tapgyryny geçirmekligi, gurnalýan wagtlaýyn sergileri ýylyň ady bilen baglanşykly gurnamaklygy meýilleşdirýärler. Bizi Berkarar döwletde ýaşadýan, ajaýyp binalarda işlemeklige giň mümkinçilikler döredip berýän, milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we ony dünýä düzünde wagyz etmekde uly işler alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!.



Ogulgerek AGAJANOWA



Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň uly ylmy işgäri