«OWAZASY DÜNÝÄ ÝAÝRAN TÜRKMEN BEDEWI» ATLY HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI


«OWAZASY DÜNÝÄ ÝAÝRAN TÜRKMEN BEDEWI» ATLY HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ýanwar aýynyň 29-na Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungatynyň festiwalynda Baş baýragyna eýe bolmagy mynasybetli ýaşlara ýetirmek maksady bilen «Owazasy dünýä ýaýran türkmen bedewi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat Geňeşleriniň guramaçylary edara-guramalaryň işjeň agzalary we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda behişdi bedewlerimiz, türkmen sirk sungatynyň gazanan üstünlikleri barada aýdyp geçdiler. Maslahatda çykyş edenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan bu üstünligi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini giňden belläp geçdiler.

Türkmen halkynyň geçmiş taryhy, sungaty we gadymy ýadygärliklerimiz barada gürrüň berýän arheologiýa zalymyzda bolsa maslahata gatnaşan ýaşlarymyza gezelenç gurnaldy. Bu bolsa Watanymyzyň daýançy bolan ösüp gelýän ýaşlarymyzda milli mirasymyza, şöhratly taryhymyza hormat söýgi döretmekde uly terbiýeçilik mekdebi bolup durýar.

Milli mirasymyzy döwrebap ösdürmekde we dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz bimöçberdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlar üçin edýän atalyk aladalary üçin janlary sag, ömürleri uzak bolsun, türkmen halkynyň aýdyň geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!