Goşa dilli tüýdük


Goşa dilli tüýdük



Türkmen halkynyň saz gurallarynyň içinde dilli tüýdügiň goşlandyrylan görnüşleri hem belli bolupdyr. Dilli tüýdüge garanyňda, goşa tüýdügiň çalmasy has kyn bolup, muňa aýratyn türgenleşik, ussatlyk gerek bolupdyr.
Goşa dilli tüýdügi gören, diňlän adamlaryň gürrüňlerine görä, bu tüýdüge ussatlarça erk edip bilýän ezber tüýdükçiler bolupdyr. Olar goşa tüýdükden çykýan bir sesden daşary, heňleriň arasynda her tüýdügiň aýry-aýry seslerini hem alyp, soň ýene bir ses düzülip, üýtgeşik täsirli heňleri ýerine ýetirip bilipdirler.
Goşa dilli tüýdükden heň arasynda hersinden aýry-aýry sesleri alyp bolýan mümkinçiligi, onuň ýekebara dilli tüýdükden tapawutly tarapydyr. Bu bolsa ony aýratyn saz guraly hökmünde suratlandyrýan esasy alamatdyr. Mukam esasan tüýdükleriň birinde ýerine ýetirilýär, beýlekisi bolsa saz öwüşginlerini baýlaşdyrýar. Netijede saz has täsirli, ýakymly bolýar. Goşa dilli tüýdük çeper höwesjeňler tarapyndan giňden döredildi we halkyň söýgüsine mynasyp boldy.