«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK» ÝYLY DIÝIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI TELEÝAZGY


«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK» ÝYLY DIÝIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI TELEÝAZGY

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli teleýazgysy geçirildi.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygy ähliumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli teleýazgysy geçirildi. Teleýazgyny alyp baran Miras teleýaýlymynyň alyp baryjysy Aýnabat Mämmedorazowa şeýle-de Medeni-aň bilim işleri bölüminiň müdiri Hallygözel Şanazarowa, Ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň esasy hünärmen Aýjemal Gatyýewa dagylar teleýazgyda ýurdumyzyň gülläp ösüşi dogrusynda täsirli çykyşlar etdiler. Öňdebaryjy zenanlar ýurdumyzyň röwşen geljegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.