«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK» ÝYLYNA BAGYŞLANAN AÝDYM-SAZLY DABARA
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegi ugrunda şeýle-hem ýurdumyzyň röwşen geljegine gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň, Mukamlar köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden göçme sergi guraldy. Sergide S.Meredow «Mukamyň döreýşi» Ö.Mämmetnurow «Gadymy Merw şäherine barýan kerwen ýoly» M.Mämmedow «Toý» M.Ataýewa «Hereket» güldan, Annameret Taganow «Bezeg güldan» atly ajaýyp nakgaş eserleri sergilendi. Dabara gatnaşanlar döwletli döwranda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.

