WATAN WASPY DILLERIMIZDE DESSANDYR
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Watan waspy dillerimizde dessandyr» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Milli Liderimiziň: «Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz » diýen parasatly sözleri bu günki gün bagtyýar nesilleriň her biriniň kalbynda watançylyk senasy bolup ýaňlanýar. Watan mukaddes düşünje bolmak bilen her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi we «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Watan waspy dillerimizde dessandyr» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi alyp baran «Aşgabat» teleýaýlymynyň alypbaryjysy Ýufargül Meredowa şeýle-hem söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň hünärmeni Jemal Annageldiýewa gatnaşyp ýürekleri Watana bolan söýgüden doly zenanlarymyz täsirli söhbetler etdiler. Öňdebaryjy zenanlarymyz eziz diýarymyzyň aýdyň geljegine gönükdirilen beýik işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.