ASUDA ASMANYM, ABADAN ÝURDUM
Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni Watanymyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Watanymyzyň goragynda duran esgerlerimiziň, serkerdelerimiziň abraý-mertebesini belende göterip, türkmen halky buýsanç bilen baýramçylyk çäreleri gurnaýarlar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Asuda asmanym, abadan ýurdum» atly sergi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşleriň eserleri esasy orny eýeläp, olarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlaryň, harby gullukçylaryň keşpleri we Watan goragyna bagyşlanan eserler görkezilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Hally Annaçaryýewiň «Beýik Watançylyk urşunyň weterany M.Jalalowyň portreti», Wladimir Pawloskiýniň «Razwedçik», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Çerwýakowyň «Serhetçi N.Alakiniň portreti», we «Watançylyk urşunyň weteranlary», Çary Öwwäýewiň «Şükür aga», «Hiç kim ýatdan çykanok–Hiç zat unudylanok» ýaly ajaýyp eserlerde suratkeşler edermenligi bilen tapawutlanan Watana wepaly bolan goragçylaryň keşbini ussatlarça ýerine ýetiripdirler. Ondan başga-da nakgaş eserler bilen birlikde heýkel we keramiki eserler serginiň many-mazmunyny doly açyp görkezýär.
Watan goragçylarynyň keşbi şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň taryhyny, milliligini, däp-dessurlaryny, häzirki döwrüni we ajaýyp günleriniň waspy her bir sungat eserinde duýmak bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ähli türkmen halkynyň, Ýurdumyzy gözüniň göreji ýaly goraýan esgerlerini we serkerdelerini Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!