MILLI MIRASYMYZ–GENJI HAZYNAMYZ
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda milli medeniýetimiziň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we geljekki nesillerimize ýetirilmegi mynasybetli muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Milli mirasymyz–genji hazynamyz» atly söhbetdeşlik maslahaty geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri Milli Liderimiziň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda beýan edilýän dürli senetçilikler we olaryň durmuşdaky ýerine ýetiren ähmiýetli işleri barada durulyp geçildi. Esasy maksadymyz bolsa alnan milli gymmatlyklarymyz barada anyk maglumatlary mirasdüşerleriň beren gürrüňlerine esaslanyp ylmy esasda öwrenmek, olar barada ylmy maglumatlary ýygnamakdan ybaratdyr. Gurnalan söhbetdeşlik maslahatynda halkdan ýygnalan milli gymmatlyklarymyz barada söhbetdeşligiň dowamynda muzeý hünärmenlerine giňden gürrüň berildi.
Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, döretmeklige we milli mirasymyzy dünýä wagyz etmekde hem-de öwrenmekde uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!