TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY


TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherindäki Görogly sirk merkezinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungatynyň festiwalyna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleriniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen atçylyk sportunyň dünýä giňişliginde at-abraýynyň barha beýgelýändigi barada buýsançly gürrüň edildi.

Behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda, köpeltmekde, gorap saklamakda we türkmen sirk sungatyny ösdürmekde uly işleri alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.