«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ ÜSTÜNLIKLERI


«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýanwar aýynda Monako Knýazlygynda saparda boldy. Şol günlerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda döredildi.

Şu şatlykly waka mynasybetli 2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Akhan we Aba Annaýew şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldiler. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul baýragy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Arkadag şäherinde guralan dabaralaryň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ozalky gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň girelgesinde hem milli gymmatlyklarymyzdan sergi guraldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar hem görkezildi.

Sergide esasan hem türkmen bedewine degişli bolan gymmatlyklara aýratyn orun berildi. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra, milli mirasymyzy gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işlerde milli halylara bolan garaýyş has çuň mana eýe boldy. Çeper elli halyçylarymyz diňe bir milli nagyşly halylarymyzy dokamak bilen çäklenmän, türkmeniň buýsanjy bolan bedew atlarymyzyň gözelligini wasp edýän şekilli halylary dokamaga hem aýratyn üns berýärler. Milli gymmatlyklarymyzyň şekili sünnälenip çitilen «Akhan» atly hem-de «Arkadag» monumentiniň şekili çitilen haly pannolara hem bu sergide uly orun berildi.

Türkmeniň buýsanjy bolan bedew atlarynyň gadymy bezeg şaý-sepleri hem bu sergide görkezilýär. Şeýle hem bu sergide türkmen bedewini wasp edýän birnäçe sowgatlyk önümleri bolan zergärçilik eserleri, at esbaplary we at heýkelleri hem öz beýanyny tapýar.