«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ ÝEŇIŞI


«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ ÝEŇIŞI

Gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiz dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolýar. Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Bu topar ahalteke bedewlerinde daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän halkara derejesindäki bäsleşiklerde, festiwallarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolýar.

Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, türkmen jigitleri ahalteke atlarynda özboluşly tomaşalary görkezdiler. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» topary ilkinji gezek gatnaşmak bilen täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden Akhan we Aba Annaýew şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine ugradylar. Ýörişiň öňüni ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy bolan atlylar çekdi. Ýol ugrunda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar toparyň agzalaryny mübäreklediler. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşy aldylar hem-de gazanan uly üstünlikleri bilen gutladylar. Sirkiň sahnasynda dabara mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, şeýle hem sirk tomaşasy görkezildi.

Dabaranyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň girelgesinde muzeý gymmatlyklaryndan türkmen bedewleriniň şekili çekilen nakgaş we heýkel eserleri şeýle hem ahal-teke atlarynyň bezeg şaýlaryndan düzülen sergi gurnaldy.

Umuman, türkmen bedewlerini seýislemek sungatynyň taryhyna salgylansak ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly türkmenleriň ata-babalary biziň eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklarda tohum atlary ýetişdirip olary seýisläpdirler. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljikleri gadymy türkmen taýpalarynyň atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Tohum atyň diwarlaryň ýüzündäki şekilleri, heýkelleri, freskalary we barelýefleri, ostiologik kolleksiýalaryň nusgalary gadymy atyň häzirki zaman ahalteke bedewine meňzeş umumy keşbini janlandyrýar.

Baş öwretmegiň şeýle usulynyň ýüwrük, çakgan, asylly, adamyň erkine tabyn türkmen bedewiniň köp derejede öz aýratynlygy bilen şertlenendigine ikirjiňlenmese bolar. Käbir arassa ganly bedewler başyny dik göterip we bedenini çaýkap ýöreýän bolsa, ahalteke atlary assa ýöräp, seýkin basýar, onuň bedeni çaýkanmaýar. Çünki ahalteke bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda çölde, gumuň içinde terbiýelenipdir, munuň özi olaryň ýöreýşine öz täsirini ýetiripdir. Gadymy türkmen seýisleri diňe atyň başarnygyny açman, eýsem onuň asylly kalbynyň hem açaryny tapypdyrlar.

Türkmeniň gadymy taryhyny, sungatyny, milliligini gorap saklamakda we halkyň arasynda wagyz etmekde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ähmiýeti ulydyr.

Türkmen bedewiniň şan-şöhraty galkynýar, beýik Galkynyşa-döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ýoluny ynamly dowam etdirilýär.



Käkilik ÖWEZBERDIÝEWA



Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary