ÄHLIUMUMY PARAHATÇYLYK-HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASY BINÝADY
Bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni, her bir pursaty taryhy wakalara, şatlykly senelere beslenýär. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamagynda «Ähliumumy parahatçylyk-halkara hyzmatdaşlygynyň esasy binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata medeniýet, bilim, saglyk ulgamlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistan ýurdumyzda täze ýylymyzy halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrülýändigi, şu ýylymyzy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmeklige, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga uly ýollar açylýandygyny belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda eşretli zamanada ýaşadýan, ajaýyp binalarda zähmet çekmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdylyp, janlarynyň sag, başlarynyň dik, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edildi.
