Gadymyýetiň şaýady


Gadymyýetiň şaýady



Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerli ýaşaýjylaryň, şeýle-de, daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän, halk arasynda «Seýit Jemaleddiniň metjidi» ady bilen tanalýan taryhy-medeni desga ýerleşýär. Ol gurlan wagtynda dört sany binany emele getiripdir. Ol metjitden, onuň öňünde gurlan mawzoleýden hem-de beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaýdan ybarat bolupdyr. Bu metjidi alymlar dürli ýyllarda öwrenipdirler. Metjidi öwrenijilerden ilkinjileriň biri 1886-njy ýylda W.A.Žukowskiý bolupdyr.
1904-nji ýylda bu ýere R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa gelipdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R. Tripolskiý bu ýerde barlag geçiripdirler. Binanyň çyzgysyny bolsa inžener S.S.Sklýarowskiý çyzypdyr. 1947-nji ýylda M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy (GTAKE) bu ýerde hemme taraplaýyn barlag işlerini geçiripdir. 1959-njy ýylda meşhur alym G.A. Pugaçenkowanyň «Änew metjidi» atly monografiýasy neşir edildi. «Gözellik öýi» ady bilen tanalan bu metjit özüniň gaýtalanmaýan ajaýyplygy hem-de öz döwrüniň deňsiz-taýsyz gurluşy bilen görenleri haýran galdyrypdyr. Binanyň gurluşygy 1455 — 1456-njy ýyllarda amala aşyrylypdyr. Ony Horasanyň hökümdary Abul Kasym Babur Bahadyr hanyň weziri Muhammet Hudaýdotyň kakasy Jemaleddin üçin gurdurandygy, onuň aslynyň Änewdendigi aýdylýar. «Gözellik öýi» baradaky başga bir maglumatda bu binany Muhammet atly bir adamyň öz hasabyna gurdurandygy aýdylýar. Bu ýadygärligi düýpli öwrenen G.A.Pugaçenkowa şol Muhammedi Abul Kasym Babur Bahadyr hanyň weziri Muhammet Hudaýdot bilen bir adam diýip aýdýar. Metjidiň portalynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446 — 1457) ady getirilipdir. Ol ýazgyda şeýle diýilýär: «Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul Kasym Babur Bahadyr han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň patyşalygyny ebedileşdirsin». Metjidiň merkezi arkasynda gök mozaikalar bilen biri-birine tarap süýnüp gelýän iki sany aždarhanyň şekili çekilipdir. Yslamyň Orta Aziýada ýaýran döwründe janly-jandarlaryň şekillerini çekmek gadagan bolandygy üçin başga hiç bir binada şeýle şekil ýok. G.A.Pugaçenkowa bu hakda «Munuň özi XV asyrda Änew töwereginde ýaşan esasy türkmen taýpasynyň totemidir, ähtimal, Änewde jaýlanan şeýh Jemaleddin hem şol taýpadan bolandyr» diýip belleýär.
lr döwürlerden bäri metjidiň gurluşygy barada halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýat bar. Bu rowaýat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem beýan edilýär. Rowaýata görä gadym zamanlarda bu ýerde şäher bolup, oňa Jemal atly şa zenan hökümdarlyk edipdir. Şäheriň merkezinde uly agaç dikilip, ondan jaň asylypdyr. Ýaşaýjylaryň birine kömek gerek bolsa, şol jaňy kaksa, adamlar ýygnanyşyp oňa kömek edýän ekenler. Günleriň birinde adalatly Jemalyň ýurdy dolandyrýan döwründe adamlar şol jaňyň adatdakysyndan has batly kakylýandygyny eşidipdirler. Märeke baryp görse, ol ýerde äpet bir aždarha jaňy kakyp duran eken. Aždarha towlanyp, närnedir bir zat diýýän ýaly märekäniň arasynda elleri paltaly, byçgyly duran iki ussa ümläp, daga tarap gidipdir. Şa zenan iki ussa aždarhanyň yzyna düşüp gitmegi tabşyrýar. Ussalar aždarhanyň yzyna düşüp baryşlaryna başga bir aždarhanyň üstünden barýarlar. Ol dag goçuny diriligine ýuwdansoň, onuň şahy aždarhanyň bokurdagynda galypdyr. Süýnüp ýatan aždarha dag goçuny ne bir ýuwdup bilipdir, ne-de yzyna çykaryp bilipdir. Ussalaryň biri goçuň şahyny kesipdir, beýlekisi onuň läşini bölekläpdir. Eden ýagşylyklary üçin, ussalary alyp gelen aždarha olary dagyň bir deresine eltip, şol ýerdäki altyndan almagy yşarat bilen düşündiripdir. Ussalar altyndan alyp, sag-aman şähere gaýdyp barypdyrlar. Ertesi gün ýene-de şäherde batly jaň sesi ýaňlanypdyr. Şa zenan we şäher ilaty gelip görseler, indi iki aždarha şol jaňly agajyň ýanynda durup, ýanlary bilen köp gymmatbaha daş we altyn alyp gelipdirler. Olar bu baýlyklary patyşa Jemalyň öňünde goýup, ýene daga gidipdirler. Şa zenan Jemal bu gymmatbaha sowgatlardan metjit gurmagy we onuň peştagynda şol iki aždarhanyň şekilini çekmegi buýrupdyr.
Abul Kasym Babur Bahadyr han ölenden soň özara içerki uruşlar sebäpli doly tamamlanmadyk bu metjit 1948-nji ýylda bolup geçen ýer titremesinde weýrançylyga sezewar bolupdyr. Aždarhalaryň syrçaly keramika bilen bezelen şekilleri metjidiň harabaçylygynyň aşagynda galypdyr. Bu mozaika diwaryň diňe bir bölegi rejelenipdir we ol häzir Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýar.

Selbi GOŞAÝEWA