EL-HÜNÄRI IL GEZER ATLY BÄSLEŞIGIŇ ŞÄHER TAPGYRYNYŇ ÇÄKLERINDE GÖÇME SERGI
Köpugurly milli mirasymyza diýseň aýawly çemeleşmekde, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hormat-sarpa goýmakda, iňňän özboluşly çeper hem önümçilik medeniýetini kämilleşdirmekde ony häzirki nesillere ýetirmekde örän oňyn işler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 30-na «Bagt köşgi» toý mekanynda El-hünäri il gezer atly bäsleşigiň şäher tapgyrynyň çäklerinde göçme sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baý gaznahanalarynda ýerleşdirilen nakgaş, heýkel, keramika, amaly-haşam sungaty eserlerinden J.Bekdurdyýew «Işden gaýdyp gelmek» M.Kakabaýew «Gözellik» A.Ataýew «Gopuzçy gyz» A.Taganow «Bezeg güldan» «Guşly gölli teke halysy «Ýüň, çitme atly ajaýyp eserler sergilendi. Sergi bäsleşige gatnaşan her bir adamda uly täsirleri döretdi. Ussat hünärmenler Milli mirasymyza aýratyn uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.