AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINIŇ MUZEÝE SYÝAHATY


AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINIŇ MUZEÝE SYÝAHATY

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Roodyň Türkmenabat şäherine eden iş saparynyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldy. Ilçi muzeýde welaýatymyzyň ykdysady ösüşleri, taryhy we medeni ýadygärlikleriniň gyzykly taryhy hem-de tapylan tapyndylary, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary we ülkämiziň tebigaty bilen has ýakyndan tanyşdyryldy. Ilçi bu gezelenjiň özünde uly täsiriň galandygyny buýsanç bilen belläp geçdi we muzeýe «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçileriň gaznasy» maksatnamasy boýunça dikeldilen Daýahatyn kerwensaraýynyň ýadygärliginiň foto suratyny sowgat gowşurdy.