ENE–ULUS-ILIŇ ENESI, ÇÄKSIZ HORMATYŇ EÝESI
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde «Ene–ulus-iliň enesi, çäksiz hormatyň eýesi» ady bilen maşgala mukaddesliginde zenanlaryň orny, nesil terbiýesinde ene hüwdisiniň ähmiýeti şeýle hem türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeleri wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi.
Hüwdüler eneleriň aýdymydyr. Bu aýdymdan gulagy ganan çagalar bagtlydyrlar. Halk döredijiliginiň iň naýbaşy görnüşlerinden biri hüwdülerdir.
Hüwdüler-halk döredijiliginiň in bir giň ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriň biridir. Çünki her bir türkmen çagasynyň azandan soň, ilkinji eşidýän zady hüwdüdir. Hüwdüler has kiçi ýaşdaky çagalary uklatmak üçin, esasan, sallançak ýanynda eneler tarapyndan aýdylýan aýdymlardyr. Hüwdülerde çaganyň ene-atasynyň, dogan-garyndaşlarynyň oňa bolan gyzgyn mährini, söýgüsini, isleg-arzuwlaryny görmek bolýar. Halkymyz ýaş nesli edepli, tertipli, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji, halal, görüm-göreldeli edip ýetişdirmek üçin alada baryny edýär. Asyrma-asyr gelýän şeýle asylly meseläni amala aşyrmakda edebiýatdyr folklor, şol sanda hüwdüler hem mynasyp orun tutýar. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiliginiň bu görnüşi aýal-gyzlaryň çaga bolan çäksiz söýgülerini özünde jemlemek bilen birlikde, olaryň arzuw-höweslerini-de çeper beýan edýär. Şonuň üçin hem hüwdülere köptaraply, töwerekleýin garamalydyrys. Türkmen zenanlarynyň maşgala wepalydyklary, örän salyhatly-işeňňirligi, mähirli-wepalylygy babatda XIX asyryň ortalarynda Wengriýadan Türkmenistana we başga ýurtlara gizlin syýahata gelen meşhur professor German (Armeniý) Wamberi özüniň 1868-nji ýylda Moskwada rus dilinde çykarylan «Orta Aziýanyň oçerki» atly kitabynda şeýle diýýär: «Türkmen aýallary ýaly göreldeli, ýagşylyk söýen, şolar ýaly maşgala eşreti üçin janlaryndan geçýän we armazak aýallary men Gündogaryň hiç ýerinde görmedim.» Ata-eneler özleriniň bütin umyt-arzuwlaryny ýaş nesli ösdürmeklerine baglaýarlar, çünki perzent maşgalanyň eşreti, ynsanyň geljegi, onuň arkadaýanjy hem-de dowamatydyr.
Duşuşygyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary dutarda türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
