DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN BEHIŞDI BEDEWLER


DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN BEHIŞDI BEDEWLER

Dünýäde iň bir gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň ruhy dünýäsini nurlandyryp, milli buýsanjyna we baýlygyna öwrülen gymmatlyklary diýseň köp. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri-de ýyndamlykda, çydamlylykda we owadanlykda älem-jahany özüne bendi edip gelen türkmeniň behişdi bedewleridir. Dünýädäki halklaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Bu topar ahalteke bedewlerinde daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän halkara derejesindäki bäsleşiklerde, festiwallarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolýar.

Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, türkmen jigitleri ahalteke atlarynda özboluşly tomaşalary görkezdiler. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» topary ilkinji gezek gatnaşmak bilen täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk pudagy täze ösüşlere eýe boldy. Behişdi bedewler türkmen ojagynyň hem-de toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy hem-de wepadarlygy bilen tapawutlanýar. Ahalteke bedewleri täze taryhy eýýamyň we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň nyşanydyr.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Dünýä ýaň salan behişdi bedewler» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeý gaznasyndaky milliligimiziň nusgasy bolan türkmen bedewlerini bezeýän şaý-sepler nakgaş eserleri, heýkeller, küýzeler görkezilýär.