WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI
Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda Ýaş nesiller watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna şeýle hem gender deňligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa kitaphanaçylary çykyş edip olar öz söhbetlerinde halkymyzyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejek mirasy bolan milli mirasymyzy ösdürmek, milli däp-dessurymyzy hormat goýmak, kuwwatly geljegi üpjün etjek ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowatly, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biri hökmünde orta çykýanlygy barada gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!