KITAPHANA-PAÝHAS HAZYNASY
Balkan welaýat kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda Balkan welaýat kitaphanasy «Kitaphana-paýhas hazynasy» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
Maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmakdan, halkymyzyň ruhy we medeni äň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdyr. Täze tehnologiýalaryň asyry bolan häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap ylym-bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek üçin elektron kitaphanalaryň işini tizleşdirmek, munuň üçin zerur çäreleri durmuşa ornaşdyrmak meseleleri hem bu maksatnamada aýratyn möhüm orny eýeleýär. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda mundan beýläk-de yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklary dogrusynda aýtdylar.