KÄRIZLERIŇ HOJALYKDAKY ÄHMIÝETI


KÄRIZLERIŇ HOJALYKDAKY ÄHMIÝETI

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Kärizleriň hojalykdaky ähmiýeti» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň müdiri, mirasy öwreniji Salyhmuhammet Hommadow, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Şadurdy Şagulyýew, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýwa gatnaşdylar. Gepleşigi «Arkadag» teleýaýlymynyň jogapkär kätibi Aýgül Ballyýewa alyp bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda daşky gurşawy, ekologiýany, biosferany arassa, aýawly saklap, içgin öwrenip, geljek nesillere ýetirmek döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň birine öwrüldi. Müňýyllyklara uzaýan taryhymyzyň her bir menzili halkymyzyň beýik şöhraty, halkymyzyň baý ylmy gorunyň bolandygyny subut edýän taryhy gymmatlyklarymyzyň biri hem kärizlerdir. Käriz ýerasty suw akabasy bolmak bilen, peşahyrdan jalawa çenli birnäçe dikanalary öz içine alýan ulgamdyr.

Gepleşikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabyndaky kärizleriň gadymy döwürdäki ähmiýeti we taryhy barada gymmatly maglumatlary, kärizleriň diňe bir ekerançylyga, şäher medeniýetine degişli bolmak bilen çäklenmän eýsem ýerasty suwlary peýdalanmagyň taryhy ähmiýeti, kärizler arkaly ýeriň üstüne çykarylyp ekerançylykda, durmuşda peýdalanylyşy, süýji suwly gatlaklaryň anyklanylyşy, şol guýularyň, käriziň dikana guýularynyň üsti bilen suwuň ýeriň üstüne çykarylyşy barada gyzykly gürrüňler we ylmy söhbetler boldy.