DÜNÝÄ AKYLDARY–TÜRKMEN DANASY ATLY SÖHBETDEŞLIK


DÜNÝÄ AKYLDARY–TÜRKMEN DANASY ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda «Dünýä akyldary–türkmen danasy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze eseri türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr diýip, giňişleýin gürrüň berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen söz sungatynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.