Gadymy toý dessurlary


Gadymy toý dessurlary



«Toý tutýan eýesi hem bolsa, toý iliňki» diýen pähimli söz şu günlerem aýdylýar. Däp-dessurlarymyzyň taryhyna ser salanyňda, munuň hakykatdanam şeýledigine göz ýetirýärsiň. Häzirki döwrüň derejesinde seredeňde, öňki döwürde toýlary tutuş oba bolup tutandyklaryny görmek bolýar.
Toý tutmakçy bolýan adam ilki bilen oba kethudalaryny, il sylagly ýaşululary çagyryp zyýapat edýär. Özüniň maksadyny aýdýar. Oňa geňeş maslahaty diýilýär. Geňeş maslahatynda toýuň sähedi, guraljak tomaşalar, aýtdyryljak bagşy, aýlawyň geçiriljek ýeri, çagyryljak ýerler ýaly meseleler, geňeş toýunyň güni belli edilýär. Ýaşulularyň teklibi bilen toýuň beýemçisi makullanýar.
Geňeş maslahatyň yz ýanyndan geňeş toýy tutulyp, oňa tutuş oba çagyrylýar. Geňeş toýunyň tutulmagy eýýäm toýuň başlandygy hasap edilýär. Geňeş toýunda hem at çapdyrylýar, pälwanlar göreş tutýar. Mergenler altyn gabak atmak boýunça bäsleşýärler. Ýöne geňeş toýunda atlaryň goýberilýän aýlaw sanam, goýulýan baýraklaryň derejesem uly toýuň ýarsy ýaly bolýar. Ýagny, geňeş toýunda alty aýlaw bolsa, uly toýlarda on iki aýlawa çapylýar. Geňeş toýunda toýuň maslahaty biçilýär. Toýuň bagşysy, aşpezi, aýlaw meýdanynda öý tutjak adamlaryň sanawy, bagşyny getirmäge gitjek adam, aýlaw, göreş meýdanlaryny kimiň taýýarlamalydygy ýaly meseleler çözülýär.
Obanyň toý gazanlary ýygnalyp, ýer ojakar gazylýar, mal soýulýar. Oba adamlarynyň ählisi geňeş toýunyň yzysüre her kim öz ulagy bilen oduna gidip, toý ýerine bir ýük odun getirip düşürýär. Myhman almak üçin her kim söwüşlik dowaryny taýýarlaýar ýa-da üç-dört bolup, ogşuk, öküz ýaly mallary soýup bölüşýärler. Myhman almaga mümkinçiligi bolmadyklar toýuň hyzmatyna gelýärler. Toýuň beýemçisi hyzmata gelen adamlara kim çaý gaýnatmaly, kim ot ýakmaly, kim suw daşamaly, kim myhmanlaryň ulaglaryna se- retmeli diýen ýaly işleri bölüp berýär. Ýeri gelende aýdylsa, toý tutuljak ýeriň golaýynda myhmanlar münüp gelen ulaglaryny daňar ýaly giden meýdana gazyklary kakyp, aşagyna çäge düşäp çykýarlar.
Myhmanlara hyzmat edilişinde hem häzirki döwrüňkiden düýpli tapawutlar bolupdyr. Myhman alan adam myhmanyň toý ýerinde oturjak ýerine düşegi öýünden eltip ýazmaly bolupdyr. Nahar iýmek, çaý içmek üçin okara-çäýnekleriň köpçülikleýin ýeterlik bolmadyk döwründe, öý eýesi myhmany üçin okarany we çäýnekdir käsäni hem ýany bilen toý tutulýan ýere getiripdir.
Halkymyzyň geçmişine mahsus toý dessurlarynyň ýene biri hem pälwanyň, mergeniň, seýsiň alan baýraklary bilen bagly dessurlardyr. Tomaşa sowlandan soňra pälwany, mergeni, seýsi myhman alan öý eýesi olar üçin toý ýerine elten düşegidir okara, çäýnegi bilen bir hatarda olaryň alan baýragyny hem göterip alyp gaýtmaly bolupdyr.
Toý sowlansoň, myhmanlar myhman bolan öýlerinde ýene bir gezek çaý-suw içip, obalaryna ugrapdyrlar.
Ýurdumyzyň çäklerinde gadymy toý dessurlarynda biri-birinden parhly tapawutlar bar hem bolsa, olar umumylykda meňzeşdir. Ýagny, toýy tutuş oba bolup sowmak, toýa gelen myhmanlara hormat bilen hyzmat etmek gadymy toý dessurlarynyň esasy mazmuny bolup durýar.

Kakamyrat MERGENOW