HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly maslahat geçirildi. Bu maslahata orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary hem-de muzeý işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda muzeý gymmatlyklary we ýyl bilen bagyşlanyp gurnalan sergi burçy bilen tanyşdylar.
Bu dabarada Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýän döwletimiz goňşy ýurtlar, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar diýip çykyşlarynda belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaklyga, gurmaklyga, döretmeklige we milli mirasymyzy dünýä wagyz etmekde hem-de öwrenmekde uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
