Akgala


Akgala



Akgala ýadygärligi gadymy Gürgenjiň günorta-gündogarynda Amyderýanyň köne akymynyň kenaryna golaý ýerleşipdir. Alymlaryň bellemegine görä Akgala ýadygärligi XV-XVI asyrlar bilen senelenýär. Akgala 21x21x6,5 - 22x22x6 sm ölçegli çig kerpiçlerden gurulyp, onuň girelgesi gündogar tarapda ýerleşýär. Akgalanyň häzirki wagtda iç tarapyndan saklanan beýikligi 5 metre ýetýär, daş tarapyndan 6-8 metre golaýdyr. Bu gala gorag diwarlary we burçlary aýlaw diňler bilen berkidilipdir.
Akgala ýadygärliginde indi birnäçe ýyllardan bäri onuň daşky gorag diwarynda we burçlaryndaky diňlerinde gazuw-barlag işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde dikeldiş-berkidiş işleri talaba laýyk ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghananyň we Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň hünärmenleri, rejeleýji ussalary tarapyndan bu ýadygärlikde rejeleýiş, dikeldiş-berkidiş işlerini geçirmek üçin kerpiç taýýarlanyldy. Şu ýylyň dowamynda galanyň gündogar tarapa uzaýan diwarynda we demirgazyk-gündogar burçundaky aýlaw diňinde rejeleýiş-berkidiş işleri geçirilip, berkidildi.
Goraghananyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynda binagärlik ýadygärliklerini rejelemek üçin zerur bolan, her ýylda gadymy nusgalara gabat gelýän çig kerpiç we inedördül hem-de dürli bezeglere niýetlenen bişen kerpiçler taýýarlanýar.