PARAHATÇYLYK SAZY DOSTLUK, DOGANLYK SAZY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitaby hakynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Türkmen halkymyzyň Milli Lideri,Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmuny barada giňişleýin söhbet etdiler. Bu gymmatly kitabyň adyndan belli bolşy ýaly, ähli zat parahat durmuşdan,dost–doganlykdan başlanýar. Sazyň–mukamyň bar ýerinde gözel durmuş, asuda-asman,nurana jemgyýet bar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!