PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLY


PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyz özüniň halkara ähmiýetli daşary syýasaty bilen giňden tanalyp, türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli taglymaty, külli adamzadyň röwşen geljegini nazarlaýan başlangyçlary bilen ykrarnama eýe bolýandygyny nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.