AHALTEKE ATLARY–GÖZELLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY


AHALTEKE ATLARY–GÖZELLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Ahalteke atlary–gözelligiň ajaýyp nusgasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň waspy älem içre seýran eýläp, bu günki gün halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň behişdi bedewlerini wasp edýän «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplarynda bedewleriň şöhratly geçen ýoluny öwrenmekde, owadanlygynyň waspyny beýan etmekde gymmatly çeşme bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.