AHALTEKE BEDEWLERI BIZIŇ BUÝSANJYMYZDYR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyzdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň baý we medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan adamzat siwilzasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolup, türkmen bedewleriniň şan-şöhraty dünýä ýaýylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen milli atçylyk sportyny we at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek bilen türkmen ýigitleri özleriniň ezberligini bedew atlarynyň bolsa ýyndamlygyny has-da aýdyň görkezýändigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.