DOST-DOGANLYK SÖHBETDEŞLIGI


DOST-DOGANLYK SÖHBETDEŞLIGI

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynyň we daşary ýurtly agzalary Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň açyp ulanmaga beren medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, edara-kärhanalaryň öndürýän önümleriniň dürlüligi, taryhy we arheologik ýadygärlikler, olarda tapylan milli gymmatlyklary, milli egin-eşikleriniň özboluşly aýratynlyklary, şaý-sepleriň görnüşleri, toý-dabaralarda ýerine ýetirilýän däp-dessurlary, welaýatymyzyň gözel tebigaty we şekillendiriş sungatynyň sungat eserleri jemlenen bölümleri bilen giňişleýin tanyşdylar.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Lebap welaýat bölümi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynyň we daşary ýurtly agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Lebap welaýaty boýunça habarçysy, şahyr, «Türkmenistanyň at gazanan Medeniýet işgäri» Agamyrat Soltanow alyp bardy. Söhbetdeşlige Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzasy, daşary ýurt bölümi bolan Owganystandaky ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Ahmad, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzasy, Öwganystan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy Şirmuhammet Ýeňiş, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleri bilen işlemek boýunça baş hünärmeni Güljan Hojalyýewa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Maýsa Muhyýewa dagylar çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrmagy, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek ýyly bilen gabat gelmegi, täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumyadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däpleri barada aýdyldy.