ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI


ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Duşuşykda ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýylyň Meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirýär, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanan açyk dialog üçin şertleri döredýär. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny amala aşyrmakda, şeýle hem medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem degişlidir.

«Türkmenistan» gazeti