TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY


TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy-usulyýet bölüminiň müdiri Sülgün Berdiýewa alyp bardy. Şeýle hem söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiriniň orunbasary Goçmyrat Çaryýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wagyzçysy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Patşaguly Garaýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Çaryýewa gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolmagymyzyň 30 ýyllygy barada giňişleýin durup geçdiler. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjelerdigi barada hem çykyşlarda aýdylyp geçildi.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna aýratyn üns bermek bilen, bu goşgynyň çuňňur many-mazmuny barada hem giňişleýin durup geçdiler. «Tegelek stoluň» başynda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny dabaraly garşylamakda alnyp barylýan işler dogrusynda hem söhbetdeşlik edildi.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň şeýle abadan we parahat durmuşda ýaşamagy, işlemegi we bilim almagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.