TÄZE GELEN NEŞIRLERE SYN


TÄZE GELEN NEŞIRLERE SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölüminiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan «Sungat äleminde» atly tapgyr boýunça, ýörite usuly biblografik gollanmalaryna we bölüme täze gelen neşirlere syn we sergi guraldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde Türkmenistanyň ömrüni sungata bagyşlan sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kino aktýorlardyr režissiýorlar, teatr artistlary, tele-radio ýaýlymlarynyň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr-gazet žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumaty bir ýere jemläp, «Sungat äleminde» atly tapgyr boýunça ýörite usuly biblografik gollanmalary taýýarlamak işi alnyp barylýar. Bu gollanmalar bolsa okyjynyň wagtyny köp sarp etmezden özüne zerur bolan maglumatlary alyp bilmekligine ýardam berýär. Olarda medeniýet we sungat ussatlarynyň ömri döredijiligini açyp görkezýän täsirli maglumatlar, olar baradaky kärdeşleriniň, şägirtleriniň ýatlamalary, şeýle hem sungat bölüminiň golasty hazynasynda saklanýan ussat kompozitorlarmyzyň döreden sazlarynyň nota neşirleriniň we ses ýazgylarynyň sanawy ýerleşdirilýär. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi bölümiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan usuly gollanmalara, bölüme täze gelen neşirlere kitaphana synyny geçirdi we sergi gurady.

Syna gatnaşan düzüjiler öz düzen gollanmalary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olar syna gatnaşan kitaphana işgärleriniň soraglaryna jogap berdiler.

Synyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.