ÝEŇIŞLERIŇIZ ÝAR BOLSUN!
Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilýän «Akyl giňişligi» atly telebäsleşigiň final tapgyrynda Lebap welaýat kitaphanasynyň topary ýeňiji bolup «Akyl giňişligi» telebäsleşiginiň hemişelik kubogyna eýe boldylar. Kitaphanaçylaryň 6-syndan ybarat bolan welaýat kitaphanasynyň topary, tapgyrlarda ýeňiji bolup, finalda hem Daşoguz welaýatynyň kitaphanaçylaryndan düzülen topary ýeňdiler. Halkymyz tarapyndan söýülip tomaşa edilýän «Akyl giňişligi» telebäsleşigi gaty gyzykly hem-de täsirli geçdi. Bu telebäsleşik kitaphana işinde kitaphanaçylaryň kämilleşmegine, işe bolan höwesini artdyrmagyna uly itergi berýär.