TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY

18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Russiýanyň Liderine bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýan, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň özara bähbitlilige, deňhukuklylyga, hoşniýetlilige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlaryna möhüm orun degişlidir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem uly goşandyny nygtamak gerek. Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden baýram edilýär. Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygynyň bu möhüm senä gabat gelmegi-de uly many-mazmuna eýedir.

«Türkmenistan» gazeti