AKYLDAR ŞAHYRYŇ MIRASY-PARAHATÇYLYGYŇ WASPNAMASY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda «Akyldar şahyryň mirasy–parahatçylygyň waspnamasy» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ahlak, edep-terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan döredijiligi bugünki günde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ähli adamzat gymmatlygynyň genji-hazynasyna, ölmez-ýitmez şahyrana döredijiligi bilen uly goşant goşan Magtymguly atamyzyň şeýle derejede söýlüp-sarpalanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.