HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY ÖMÜRLERE NUSGALYK


HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY ÖMÜRLERE NUSGALYK

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Halypa-şägirtlik ýoly ömürlere nusgalyk» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, halypa-şägirtlik ýoly gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri bolup, bu ýörelge häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giňden dowam etdirilýär. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Älem içre at gezer» atly kitabynyň 4-nji babyny «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyryp, bu bapda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň möhümdigi barada aýratyn ünsi çekýär. Galyberse-de dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Magtymguly, tälim algyn ussatdan» diýen şygyr setirlerini getirmek bilen, her bir şägirdiň kämil ýetişmeginde, ökde hünärli bolmagynda halypanyň ornunyň uludygy barada belläp geçýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýörelgelerimizi täze döwrüň ruhy bilen mynasyp dowam etdirýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.