AÝDYŇ GELJEGE GADAMLAR BATLY


AÝDYŇ GELJEGE GADAMLAR BATLY

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Aýdyň geljege gadamlar batly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, muzeý işgärleri, bilim edaralarynyň işgärleri we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bu günki dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy meşhurlygy has-da artýandygyny çykyşlarynda belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.