SUNGAT-PARAHATÇYLYGYŇ DILI


SUNGAT-PARAHATÇYLYGYŇ DILI

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Sungat-parahatçylygyň dili» atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi geçirildi.

Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Şekillendiriş sungaty arkaly adamlar ilkidurmuş ýaşaýşyndan bäri özlerini gurşap alýan tebigatyň görnüşlerini suratlandyryp gelipdirler. Daş-töweregi gurşap alýan gözelligi sungatyň diline geçirmeklik hemişe nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň we amaly-haşam ussatlarynyň paýyna düşüpdir. Milli mirasymyzy, şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini öwrenmekde, gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde dürli ugurlara niýetlenen muzeýler uly ähmiýete eýedir.

2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň häzirki zaman kaşaň binasy sungat janköýerlerine öz gapylaryny giňden açdy. Täze muzeý gysga wagtyň içinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meşhurlyk gazandy.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň taryhy gorunyň baýlygy bilen milli sungatymyzyň özenini düzýär. Muzeýimizde alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýygy-ýygydan halypa suratkeşleriň ömri we döredijiligi ylmy taýdan öwrenilýär. Muzeý hünärmenleri halypalaryň döredijiligini öz ylmy maglumatlarynda içgin açyp görkezýärler. Şeýle hem muzeýde ýygy-ýygydan halypalaryň şanly senelerine bagyşlanyp şahsy sergileri yzygiderli guralýar. Olardan Yzzat Gylyjow, Çary Amangeldiýew, Şamuhammet Akmuhammedow, Stanislaw Babikow, Gennadiý Babikow, Kakajan Oraznepesow, Durdy Baýramow, Gulnazar Begmyradow ýaly görnükli suratkeşleriň döredijilik sergilerini mysal getirmek bolar.

Türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ruhy we medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek boýunça köpugurly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde zähmet çekýän ähli kärdeşlerimizi 20 ýyllyk şanly toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!