TÄZE KITAPLAR BILEN TANYŞ BOLALYŇ!
Mary welaýat kitaphanasynyň «Hyzmat ediş» bölümi tarapyndan Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde «Täze kitaplar bilen tanyş bolalyň» ady bilen göçme kitap sergi guraldy.
Sergide Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary sergilendirilip, pähim-paýhasa we çuň many-mazmuna ýugrulan bu ajaýyp eserler ýaş okyjylaryň, ýagny mekdep okuwçylarynyň arasynda ýakymly täsir galdyrdy. Bu sergide täze kitaplar bilen mekdep okuwçylary tanyşdyryldy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri ýaşlar üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat edýär. Şu pursatdan peýdalanyp, bize şular ýaly ajaýyp eserleri peşgeş berýän, bize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!