2025-NJI ÝYL «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» DIÝIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN DUŞUŞYGY


2025-NJI ÝYL «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» DIÝIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmeni hem-de Edebiýat we Sungat gazetiniň bölüm redaktory we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş talyplarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdebinde 2025- nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp. asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagtyýar ýaşlaryň ýurduna öwürmek babatda alyp barýan adyl syýasaty, ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, olara hormatly Prezidentimiz tarapyndan bildirilýän çäksiz ynam dogrusynda buýsançly gürrüňler etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Garaşsyz. hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygy, parahatçylygy, daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga. işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.