«GÖKDEPE» MILLI MUZEÝINE GEZELENÇ
Hormatly Prezidentimiz muzeýler ulgamynyň ýaşlaryň dünýägaraýyşyny giňeltmekde esasy medeniýet ojagydygyny aýratyn belledi.
Ýurdumyzyň her şäherlerinde, welaýatlarynda, etraplarynda täze muzeý dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalarynyň gurulmagy türkmen halkynyň taryhynyň geljege ýaň salýandygyny subut edýär.
«Berkarar döwletiň–täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi üçin edilýän işler örän köp. Gahryman Arkadagymyz «Gadyrly ýaşlar!» Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür»-diýip, ýaşlara uly ynam baglaýar.
Biziň «Gökdepe» milli muzeýimiz hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, 2009-njy ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkyna öz gapysyny giňden açdy. Muzeýiň binasy Gökdepe metjidi, sadaka berilýän jaýy bilen sazlaşyp mukaddes Gökdepe galanyň içinde ýerleşýär. Mukaddes toprakda salnan bu muzeý Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryna bagyşlanýar.

Bu gün «Gökdepe» milli muzeýinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary gezelençde boldular. Ýaş nesilleriň muzeýiň täsin gaznasyny, sergi bölümlerindäki ýüzlerçe esbaplaryny tolgunma bilen synlaýanlaryny göreniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Gökdepede dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze muzeýiň gurulmagy we bu ugurda edilýän beýleki tagallalar biziň halk gahrymanlarymyza goýýan çäksiz hormatymyzdan, milletimiziň şöhratly taryhyny dikeltmäge gönükdirilen asylly işlerimizden aýdyň nyşandyr» diýen parasatly jümlesi seriňe dolýar.
Gahryman Arkadagymyz Gökdepe söweşine şeýle baha berýär: «Gökdepe söweşi sarsmaz gaýduwsyzlygyň, hakyky watanperwerligiň we watana çäksiz söýgüniň simwoly, dogduk topragyň erkinliginiň we Garaşsyzlygynyň hatyrasyna belent harby we ynsan edermenligiň nusgasy höküminde türkmen halkynyň taryhynda baky galar».
2025-nji ýylda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bu muzeýiň taryhy ähmiýetine has hem düýpli göz ýetirdik diýsek ýalňyş bolmaz, sebäbi hemişe asudalygy, parahatlygy maksat edinen eden merdana ata-babalarymyzyň arzuwynyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanýan döwründe wysal tapanlygyna aýdyň göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bolsa, bu ýylda türkmen halky özüniň erkinliginiň subutnamasy bolan baky Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýar.
Şonuň üçin bu günki mekdep okuwçylarynyň bu muzeýe gezelençleri olaryň erkana, asuda döwletde okap bilim alýandyklaryna buýsançlarynyň çäksizdigine olaryň şadyýan ýüzlerinden duýmak bolýar.

Dünýä siwilizasiýasy «maglumatlar jemgyýeti» diýlip atlandyrylýan täze döwre gadam basdy. Ähli maglumat ulgamlary sanly tehnologiýalaryň esasynda işleýärler. Şol sebäpli bu muzeýiň geljekde sanly ulgam derejesinde işlemegi üçin ähli ähli mümkinçilikler döredilen.
Muzeýlerde milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgalaryny halkymyza ýetirmekde muzeý işiniň täze usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň, saklamagyň we wagyz işini geçirmegiň elektron ulgamyny ornaşdyryp bu ugruň has kämil we ýerli şertlere laýyk gelýän görnüşini ýurdymyzyň muzeýlerinde ornaşdyrylýar.
Düşündirişli gezelençleri muzeýlerde dürli dillerde sanly ulgam arkaly diňlemeklik üçin esasy işler ýerine ýetirilýär.
Döwletimiziň çäginde hereket edýän muzeýler bilen sanly ulgam arkaly ylmy maslahatlar geçirilip pikir alyşylýar. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl dünýä döwletleriniň muzeýleri bilen hem ylmy maslahatlarda sanly ulgam arkaly çykyş edilip olaryň hem baý tejribeleri öwrenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek syýasatyny ynamly dowam etdirip, türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we wagyz etmek, onuň üsti bilen ýaş nesli terbiýelemek işinde janymyzy gaýgyrman işläris.
Goý, halkymyzy asuda günleriň gujagynda bagtyýarlyga ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
