TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY
Eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhubelentlik bilen garşy alýar. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda her bir ýyla döwrebap at goýmaklyk däbe öwrüldi. 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde uly many bar. Munuň özi ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwy, köňül islegi. Döwrümize şan berjek täze ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrmagy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige «Aşgabat» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Aýgül Çaryýewa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we Arheologiýa institutynyň aspiranty Aýjeren Durdygylyjowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we Arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri Tirkişgeldi Myratgeldiýew hem-de «Watan mukaddesligi» muzeýiniň bölüm müdiri Ogulşat Dädebaýewa çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy hem-de ýylyň nyşany, ondaky şekiller barada we muzeýde alnyp barylýan işler barada belläp geçýärler.
Täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, örän uly ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Ojaklary saglyk-salamatlyk, abatlyk-rahatlyk, rysgallylyk-döwletlilik, mylaýymlyk-mähribanlyk gurşap alýan halkymyz üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun.