«WASPYŇ SENA BOLDY DILLERDE, BEDEW» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINE
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ROMANLARYNDA SEÝISÇILIK SUNGATYNYŇ ÇEPER BEÝANY
Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine özüniň naýbaşy gymmatlyklary bilen goşandyny goşup, halkara arenasyndaky abraýyny yzygiderli artdyryp gelýändigini taryhyň gatlary, şu günüň rowaçlykly ösüş menzilleri şöhlelendirýär. Halkymyzyň ruhuna, häsiýetine kybapdaş gelýän, özüniň gözelligi, ýyndamlygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan behişdi bedewler hormatly Arkadagymyzyň paýhas eleginden geçen naýbaşy eserlerinde gahrymanlaryň çeper keşpleri, durmuş pelsepeleri arkaly beýan edilýär. Türkmen halky bedewi idetmek, ony seýislemek, şeýle hem aty tanamak işinde asyrlarboýy toplanan tejribä daýanypdyr. Bu ýörelgeleriň türkmeniň milli aňynda gadymy döwürlerden kämilleşip sungat derejesine ýetmeginiň özi halkymyzyň bu gymmatlyga goýýan sarpasyndan, sylagyndan nyşan.
Hormatly Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda halkymyzyň bedew atlara hem-de seýisçilik sungatynyň gadymy köklerine, onuň ösüşine bolan garaýyşlary çeper hem taryhy hakykatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Bu romanlarda gahrymanlaryň biri-biri bilen gatnaşygy, olaryň türkmeniň medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryna bolan garaýyşlary, wakalaryň has täsirli beýan edilişi taýdan çeper edebiýatymyzyň milli öwüşginlik ýörelgelerini ösdürýär. Gymmatly eserleri okanymyzda, diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy bilen tanyşman, eýsem Gahryman Arkadagymyzyň bedew ata bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris. Alym Arkadagymyzyň pederlerinde tutuş sebiti baglan seýisleriň bolandygyny taryhy maglumatlar, romandaky anyk subutnamalar görkezýär.
Alym Arkadagymyzyň gymmaty egsilmeýän romanlarynda Aba aganyň, Mämiş seýisiň, Berdimuhammet mugallymyň behişde bedewlere bolan yhlasy we söýgüsi, seýisçilik sungatyndan ussatlyk bilen baş çykaryşy dogrusyndaky taryhy maglumatlar, çeper sözleriň, jaýdar jümleleriň üsti bilen beýan edilýär. Aba aga inisi Berdimuhamediň bedew ata üýtgeşik mähir we söýgi bilen garaýandygyny, onuň bedewleri göreninde gözlerinde döreýän uçgunlary görendigi, şonuň üçin-de inisine at çapmagyň tilsimlerini öwredendigi dogrusynda hormatly Alym Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda şeýle belleýär: «Towsaklap duran bedew atlary görende inisiniň gözleriniň ýanyp başlaýandygyny, olara nähili söýgi bilen garaýandygyny bilip, onuň basym-basymdan athana gelip durmagyny isleýärdi. Ol inisine iň gowy çapuw atlaryň biri bolan Tuwlugy-da sowgat edipdi. Oňa özi seredip berýärdi, seýisleýärdi. Aram-aram onuň aty aýlawda ozup, baýrak alandygy, obadaşlary Berdimuhamedi gutlaýardylar. Ol bolsa minnetdarlyk bilen agasyny ýatlardy».
Ussat seýis, atşynas Aba Annaýewiň seýisçilik sungatyna degişli gymmatly gollanmalary, iş ýörelgeleri häzirki döwürde behişdi bedewlerimizi ýetişdirmekde giňden ulanylýar. Başga-da, romanda Mämiş seýis bilen baglanyşykly taryhy wakalaryň üsti bilen seýisçilik sungatynyň inçe syrlary çeper beýan edilýär. Onda Tarhan aganyň atyna bolan yhlasy, okyjynyň duýgusyna güýçli täsir edip, «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» ýaly jümleleri zybanyna getirýän her bir türkmeniň ruhy dil açýar, onuň bu gymmatlyga bolan mizemez garaýyşlary, ýol ýörelgeleri beýan edilýär:
–Seýis, özümi halas eden bolsaň, munça minnetdar bolmazdym. Ömrüň uzak bolsun, eliň-gözüň dert görmesin! Seniň barlygyňa şükür. Eger garşy bolmasaň, taý süýtden aýrylansoň, ony oglanlar gapyňa eltip gaýtsynlar.
–Mala eden emim üçin muzd almaýanymy senem eşidensiň, Tarhan aga.
Alym Arkadagymyzyň çeperçilik taýdan kämil, wakalar taryhy subutnamalar arkaly täsirli beýan edilen bu gymmatly eserlerinde türkmeniň behişdi bedewlerine bolan çäksiz hormaty, söýgüsi dabaralandyrylýar. Bu gymmatly kitaplary okan her bir adam merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewleriñ ornunyñ uludygyna göz ýetirýär. Arkadagymyzyň eserlerinde gamuşgulak, behişdi bedewlerimiziň şahyrana, döredijilikli waspy aýratynda ýaş nesillerimiziň bu gymmatlyga bolan söýgüsini artdyrmakda, ýurdumyzda seýisçilik sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmekde hem-de ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir.
Ýurdumyzda milli ýörelgelerimize, gymmatlyklarymyza, yrym-gedimlerine goýulýan sarpanyň, olary ösdürmek, kämilleşdirmek üçin edilýän aladalaryň özi her bir türkmeniň göwün guşuny göge göterýär, «Göwnüni at üstünde ganat bagladýar».