«Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti»


«Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti»



Türkmenistanyň Şekilllendiriş sungaty muzeýinde 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ýaýlymy arkaly ylmy duşuşyk geçirildi. Geçirilen dabara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de bu ugurda zähmet çekýän alymlar, hünärmenler we talyplar gatnaşdylar. Wideoaragatnaşyk ýaýlymynda daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginde soňky ýyllaryň dowamynda alnyp barylan arheologik işleri we tapyndylar hem-de ýüze çykarylan diwarlarda geçirilen rejeleýiş-berkidiş işleri barasynda giňişleýin durup geçdiler.
Muhametdurdy Mämedow (Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty): Duşuşykda Türkmenistan dünýänň tanymal alymlary bilen gatnaşyk saklanylýandygy belläp, Türkmen-Rus alymlary ýurdumyzdaky eneolit zamanyndan, orta asyr ýadygärlikleriniň birnäçesinde arhelogik işleriň üstünlikli alnyp barylandygy barada uly gyzyklanma bilen belledi.
Nataliýa Solowýowa (Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryh institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty): Türkmen-Rus alymlarynyň arasynda bilelikde Kaka etrabynda ýerleşýän Ýylgynly depe ýadygärliginde 2014-2019-njy ýyllar aralygynda alnyp barylan arheologiýa we onuň tapyndylary barasynda gürrüň berdi.

Barbara Çerazetti (Italiýanyň Boloniýa uniwersitetiniň professory): Murgap derýasynyň gadymy akabasynyň ugry türkmen-italýan alymlaryň arasynda, onuň köne akymynyň ugrunyň kartasynyň taýynlanylandygy barasynda giňişleýin gürrüň berdi.
Baý taryha eýe bolan we Jahanyň örän möhüm arheologik ýadygärlikleriniň ýerleşýän Türkmenistan ýaly ýurtda biziň uzak wagtlap eden işilerimiziň netijeleri barada gürrüňleşip bilýändigimiz üçin men özümi bagtly saýýaryn. Bilelikdäki türkmen-italýan taslamasynyň 30 ýyllyk işiniň jemi barada Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň, Italiýanyň Boloniýa uniwersitetiniň hem-de ISMEO-nyň adyndan çykyş etmek meniň üçin ullakan abraýdyr. Türkmenistanda işlemeklik Italiýa üçin elmydama uly gyzyklanma döredýär. Ol diňe bir arheologiýa ugrundan hem däldir. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ozaldan gelýän hyzmatdaşlygyň esasynda, biz baý taryhy we medeniýeti bolan çäkleri barlamaga we bu beýik ýurduň ummasyz medeni mirasyny öwrenmäge mümkünçilik aldyk.
Şu günki duşuşyga gatnaşýan ähli kärdeşlermize, bu ajaýyp ýurtda alyp barýan ylmy-barlag işlerini uzak ýyllar dowam etdirmeklerini çyn ýürekden arzuw edýärin. Nadežda Dubowa (Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň doktory): Goňurdepe arheologik toplumynda türkmen-rus alymlary bilen bilelikde daşky gorag diwarynyň we dürli maksatly jaýlaryň üstüniň açylandygy barada çykyş etdi.
Gazuw-barlag işleriň dowamynda ýüze çykarylan diwarlar çig kerpiçden bolupdyr, şoňa görä-de, gazuwyň dowamynda üsti açylan gurluşyklaryň galyndylaryny abat saklamak türkmen-rus Margiana ekspedisiýasynyň çözýän mohüm meseleleriniň biri bolup durýar. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy bilen ýygjam hyzmatdaşlykda alnyp barylýan bu işler 2003-nji ýylda, köşgiň dabara otagynyň berkidilmegi bilen başlandy. 2018-nji ýylda biz Goňuryň kremliniň ajaýyp «Merkezi toplumyny» berkitmek, bölekleýin rejelemek we muzeýleşdirmek işine başladyk. Bu gurluşyklaryň näme maksada gönükdirilendigi häzire çenli doly aýdyňlaşdyrylman galýar. Onuň abat saklanylmagy geljekde barlagçylara bu meseläniň dogry çözgüdini tapmaga mümkinçilik berer. Häzirlikçe bizde Artemowyň, Usmanowanyň we Rejep Jepbarowyň düzen taslamasy esasynda toplumyň uly bolmadyk, demirgazyk-günbatar bölegini saklamaga mümükinçilik döredi.
Köpugurly halkara hyzmatdaşlygy Goňurdepe ýaly çylşyrymly jemgyýeti öwrenmegiň iň gowy usuldyr diýip aýdyp bolar. Goňur oazisi entek bize täze syrlaryny açar diýip umyt edýäris.

Linni Rouz (ABŞ-nyň Sent-Luis şäheriniň Waşington adyndaky uniwersitetiniň mugallymy, arheologiýanyň doktory): «Gadymy Margiananyň çägindäki ýadygärlikleri öwrenmek boýunça türkmen-amerikan Taslamasy». Ol öz çykyşynda Murgap derýasynyň akymynyň ugrunyň öwrenilendigini beýan etdi. 2017-nji ýylda bu taslamada esasy iki işe gönükdirilendigini hem-de şertli belgi bilen Ojakly diýip atlandyrylan ýer böleginde töwerekleýin işler alnyp barylypdyr.
Olaryň birinjisi italýan-türkmen topary tarapyndan başlanan we Ojaklynyň açylmagy bilen bagly, tamamlanman galdyrylan Awçydepe barlagyny tamamlamak. 2017-nji ýylyň meýdan işleriniň ikinji maksady Ojakly düşelgesiniň we Togalak oturymly mekanynyň töwereklerindäki meýdanda ýeriň ýüzüni ykjam barlamakdan we jikme-jik ýazga geçirmekden ybarat boldy.
Biziň bilelikdäki üstünliklerimizi ara alyp maslahatlaşmaga döreden mümkünçilikleri üçin doktor M. Mamedowa we ylmy duşuşygy guramaga gatnaşan beýleki adamlara ýene bir gezek sagbolsun aýtmak isleýärin. Biziň Gadymy Merwdäki işlerimizi dowam etdirmäge we Türkmenistanda häzir amala aşyrylýan beýleki arheologik taslamalarda ylmy hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerine sabyrsyz garaşýaryn.

Julio Bendezu-Sarmýento, Joanna Lýulýe (Fransiýanyň Milli ylmy-barlag Merkeziniň işgärleri, arheologiýanyň doktorlary): «Ulugdepe Merkezi Aziýa siwilizasiýasynyň sallançagy: türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň ylmy-barlaglary». Soňky 20 ýylyň dowamynda alnyp barylan arheologiýa işler barasynda giňişleýin durup geçdi. Geçirilen işleriň netijesinde Ulugdepe ýadygärligi eneolit, bürünç, Ahemenit döwürlerini öz içine alýandygy kesgitlenilipdir. Şeýlede soňky 3 ýylyň dowamynda daşky gorag diwarlarynyň üsti açylypdyr. 2014-nji ýylda bu ýadygärlikde täsin tapyndylar hem ýüze çykarylypdyr. Keramika önümleri dürli görnüşlerde ýasalypdyr we onuň daşyna monohrom reňkli geometrik şekiller çekilipdir. 2019-njy ýylda weýran bolan gorag diwarlary tapylypdyr. Geljekde bu ýüze çykarylan gorag diwarynda dikeltmek işleri alnyp barylar diýip umyt edýäris.

Karlo Lippolis (Italiýa Turin şäheriniň Arheologiýa gazuw-barlaglar boýunça Merkeziniň direktory, arheologiýanyň doktory, Professor): «Köne Nusaý galasynda türkmen-italýan arheologik topary tarapyndan 2019-njy ýylda geçirilen ylmy barlag işleriniň netijeleri». Geçen möwsümde 2019-njy ýylda Köne Nusaý galasynda gazuw-barlag işleri günorta böleginde, tekiz ýeriň gyrasyndan ozal türkmen-italýan toparynyň barlan ýerinde, 2 sany suduryň üsti açyldy. Emeli hemradan düşürilen käbir suratlardan görnüşi ýaly, bu meýdançanyň takyk tekizlenendigine garamazdan, biziň synag barlaglarymyz hiç-hili düýpli binanyň, hatda diwaryň hem galyndysynyň ýokdugyny görkezdi. Şoňa görä-de, bu meýdança parfiýanlar tarapyndan hiç zat gurulman, boş galdyrylandyr diýip çaklanylýar. Emma bokurdagyna çenli ýere gömülen humlaryň galyndylary bu meýdanyň tutuşlygyna boş galdyrylmandygyny görkezýär, mümkin ol azyk önümlerini saklamaga niýetlenilendir. Pol Wordswort (Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetiniň professory),

Martina Rugiadi (ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Metropoliten müzeýiniň ylmy işgäri): «Garagum Taslamasynyň ýadygärlikleri: Mary welaýatynyň çägindäki Daňdanakan we Küşmeýhan orta asyr ýadygärliklerindäki halkara hyzmatdaşlygynyň ilkinji netijeleri». Ilki bilen öz çykyşynda 1942-nji ýylda S.A.Erşow tarapyndan gazuw-barlag işleriniň alnyp barylandygyny we ýüzleý öwrenilendigi barasyndaky ünsi çekdi. 2019-njy ýylda bu Daňdanakan ýadygärliginde gazuw-barlag işlerine girişildi we işiň dowamynda ýüze çykarylan diwarlaryň, tapyndylaryň üstünde durup geçdi.

Bu taslama Metropoliten sungat Nuzeýiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky, 2016-njy ýylda Nýu-Ýorkda seljuklar döwrüne bagyşlanan halkara sergisini geçirmeklige gönükdirilen ozalky hyzmatdaşlygyň netijesinde ýüze çykdy. Bu sergide Türkmenistandan, Garaşsyz ýurduň taryhynda ilkinji gezek 14 eksponat görkezildi. Biziň bilelikdäki türkmen-amerikan ekspedisiýamyz 2019-njy ýylda döredildi. Şol ýyl biz meýdan barlaglarymyzyň ilkinji möwsümini geçirdik. Bu Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň we Gadymy Merw taryhy-medeni döwlet goraghanansynyň hem-de Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten muzeýiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesidir. Metropoliten üçin bu taslamanyň möhümligi, muzeýe täze zatlary almaga däl-de, oňdebaryjy barlaglara esaslanýan, täze halkara hyzmatdaşlygynyň bölegine öwürmäge synanyşykdan ybaratdyr. Hose Luis Blesa (Ispaniýanyň Madrid şäheriniň uniwersitetiniň mugallymy, arheologiýanyň doktory): «Dehistanyň çägindäki türkmen-ispan arheologik barlaglary». Misserian düzlügi (Dehistan) demirgazykda Uly Balkan we Uzboýyň guran hanalarynyň, gündogarda Köpetdagynyň, günortada Elbrus daglarynyň we günbatarda Kaspi deňziniň arasynda ýerleşýär.
Biziň maksadymyz – bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek bolup durýar. Biziň barlaglarymyzyň maksady Gökjikdepäniň aýratynlygyny kesgitlemekden hem-de onuň oturymly mekanyň beýleki bölekleri bilen arabaglanyşygyny öwrenmekden, şeýle hem, Yzzatguly ýadygärliginde gazuw-barlag işlerini geçirmekden ybaratdyr. Bu bilelikdäki arheologik topary onuň abat saklanandygyna we onuň näme niýetlenendigini kesgitlemekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem ýadygärligiň ölçegleriniň, görnüşini kesgitlemegä synanyşyk edýär.

Tim Wilýams (Beýik britaniýanyň London uniwersitetiniň lektory, ÝUNESKO-nyň «Beýik Ýüpek ýoly» Taslamasynyň jogapkär eksperti): «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň sanly maglumat binýadyny döretmek boýunça Halkara hyzmatdaşlygy». Men bu gün diňe Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň sanly reýestriniň üstünde durmakçy bolýaryn.
Bu taslama tutuş Merkezi Aziýa boýunça birnäçe gulluklaryň hyzmatdaşlygyny aňladýar: Türkmenistanda ol ilkinji nobatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadgärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik bolup durýar.
Sanaw çylşyrymly köpdürli adalgalar bilen berkidilendir, ony düzmegiň üstünde biz türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde işledik.
Bu maglumatlar bazasy Medeniýet ministrligine diňe bir Türkmenistanyň ajaýyp arheologiýa mirasyny dolandyrmaga kömek etmek bilen çäklenmän, onuň mümkinçiliklerine has çuňňur düşünmäge we bu täsin mirasy öwrenmäge täze alymlary çekmäge ýardam eder diýip umyt edýäris.
Bu taslamany ýerine ýetirmäge üýtgewsiz we yhlasly çemeleşýändikleri üçin türkmen kärdeşlerimize ýene bir gezek minnetdarlygymyzy bildirýäris.